Şu ýylyň noýabr aýynda Saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Forumyň işine görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow Hökümet mejlisiniň dowamynda hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Nobatdaky forum Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçiriler. Onuň dowamynda pediatriýanyň, onkologiýanyň, rewmatologiýanyň we neýrohirurgiýanyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary, ýerli hassahanalaryň lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşar.
Hasabatyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde 2011—2025-nji ýyllar aralygynda bu iki ýurtda saglygy goraýyş boýunça 12 forumyň geçirilendigi bellenildi.
Wise-premýer forum bilen bagly teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglyk merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumyny sanly ulgam arkaly geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.