Türk alymlary bir çaý haltajygyndan näçe mikroplastigiň bölünip çykýandygyny anyklady

Şu gün, 10:15710
1 / 2

Türk alymlary bir sany çaý haltajygyndan näçe möçberde mikroplastigiň bölünip çykyp biljekdigini anyklady. Rejep Taýyp Ärdogan uniwersitetiniň işgärleriniň geçiren barlaglarynyň netijeleri «npj Science of Food» žurnalynda neşir edildi.

Işiň awtorlary plastik haltajykly çaýlaryň dört markasyny öwrendi. Şeýle-de deňeşdirmek üçin olar 14 dürli brendden atym çaý aldy. Haltajyklar 95 gradus temperaturada üç minutlap demlendi, atym çaý bolsa himiki dargama sezewar edildi.

Netijede, çaý haltajyklaryndan 555-den 2498-e çenli mikroplastik bölejikler bölünip çykdy. Olaryň ählisi haltajyklary taýýarlamak üçin ulanylýan şol bir material – poliamid süýümleri bolup çykdy. Şeýle hem olarda howply himiki önümler bolan bisfenol A we plastifikatorlar tapyldy.

Atym çaýyň bir kilogramynda 146-dan 1178-e çenli mikroplastik bölejikleri bar eken, bu bolsa ýapraklaryň iki gramlyk porsiýasyna, takmynan, 0,3–2,4 bölejigiň düşýändigini aňladýar. Şeýle hem onda çaýlary daşamak üçin ulanylýan polietilenden we polipropilenden düşüp bilen dürli polimerleriň garyndysy tapyldy.

Mikroplastigiň organizme düşmegi gizlin gaýnaglama we himiki prosesleri işjeňleşdirýär. Ony yzygiderli kabul etmek bölejikleriň dokumalarda toplanmagyna we ulgamlaýyn näsazlyklara getirýär, bu bolsa infarkt, içgeçme, gormonal bozulma hem-de beýleki keselleriň ýüze çykmak töwekgelçiligini artdyrýar.