Sauthempton uniwersitetiniň gözlegçileri adam bedenini dümewden we sowuklamadan goramagyň täze usulynyň üstünde işleýärler. Olar ýokançlara irki döwürde jogap berip, kesellän öýjükleri ýok edip bilýän immun — tebigy öldüriji öýjükleri (NK-öýjükleri) täzeden «programmalaşdyrmak» isleýärler.
Taslamanyň wezipesi dürli ýokançlara garşy hereket edip biljek uzak möhletleýin dem alyş ýollarynyň goragyny döretmekdir. Bu gorag bir däl-de, dürli görnüşli ýokançlara garşy täsir edip biler.
Adaty sanjymlardan tapawutlylykda, olar immun ulgamyna belli bir kesel döredijini ýa-da onuň böleklerini tanamagy öwredýär. Täze çemeleşmäniň esasy maksady, bedeniň öz tebigy gorag mehanizmlerini güýçlendirmekden ybarat. Alymlar tebigy öldüriji öýjükleriň howpy has çalt tanap, ýokanjyň ilkinji pursatlarynda onuň bilen netijeli göreşip bilmek mümkinçiligini öwrenýärler.
Bu öýjükler bedeniň ilkinji goragçylarynyň hataryna girip, ýokanç doly ornaşmazyndan öň hem onuň ýaýramagyny çäklendirip bilýär. Emma olaryň bir wajyp ýetmezçiliji bolup, ol hem degişli tebigy öldüriji öýjükleriň gysga wagt ýaşaýanlygydyr. Şonuň üçin alymlar olaryň dem alyş ýollarynda uzak wagtlap saklanyp, durnukly goragy üpjün edip bilmeginiň üstünde iş alyp barýarlar.
Eger alymlar uzak ýaşaýan öldüriji öýjükleri döretmegi başarsalar, onda olar öýkeniň immun goragyny köp wagtlap üpjün edip, dem arkaly bedene düşýän ýokançlara has çalt jogap berip bilerler.
Häzirlikçe bu diňe ylmy-barlag tapgyryndaky iş bolup durýar. Onuň dümewiň we sowuklamanyň öňüni almakdaky netijeliligi indi tassyklanmaly.