Ak aýylara guş dümewi ýokuşdy: ýokanjy Arktika göçüp-gonýan guşlar getirdi

Düýn, 17:553,995

Alymlar Grenlandiýanyň gündogarynda ýaşaýan ak aýylarda öň guş dümewini geçirendigini görkezýän alamatlary ýüze çykardylar. Geçirilen barlaglar Arktikanyň bu ýyrtyjylaryna ýokuşganlygy ýokary bolan dümewiň göçüp-gonýan guşlardan geçen bolmagynyň mümkindigini görkezdi. Sebäbi howanyň üýtgemegi ak aýylaryň şeýle guşlar we beýleki ýokanç çeşmeleri bilen galtaşmak töwekgelçiligini artdyryp biler.

Alymlar 2016–2025-nji ýyllar aralygynda Skorsbi aýlagynyň töwereginde inuit awçylary tarapyndan awlanan ak aýylardan alnan 109 sany gan nusgasyny öwrendiler. Ilkinji ýyllarda haýwanlaryň ýokanç bilen galtaşandygyny görkezýän alamatlar ýüze çykarylmady. Emma 2024-nji ýylda barlanan 14 aýynyň üçüsinde, ýagny 21%-inde A dümewiniň ýokançlaryna garşy antitelalar tapyldy. 2025-nji ýylda bolsa barlanan 14 aýynyň 43%-inde şeýle antitelalaryň bardygy anyklandy. Goşmaça barlaglar dört aýynyň bedeninde ýokary ýokançlykly guş dümewine garşy ýörite antitelalaryň bardygyny tassyklady.

Antitelalaryň tapylmagy haýwanlaryň häzirki wagtda kesellidigini däl-de, eýsem, öň şol kesel bilen keselländigini görkezýär. Kornell uniwersitetiniň weterinariýa lukmançylygy kollejiniň Ýabany tebigatyň saglygyny öwreniş merkezinden bolan barlagyň esasy awtory Kaýla Býuleriň aýtmagyna görä, bu netijeler ak aýylaryň ýokanja ýolugandan soň sagalyp, adaty ýagdaýda ýaşamagyny dowam etdirip bilýändigini görkezýän ilkinji ylmy maglumatlaryň biridir. Awçylar barlanan aýylarda keseliň göze ilýän alamatlaryny görmändirler.

Ýokanjyň esasy çeşmesi hökmünde köpelmek üçin Arktika we Grenlandiýa uçup gelýän göçegçi guşlar çaklanylýar. Guşlaryň uly topar bolup ýaşaýan ýerlerinde ýokançlar has aňsat ýaýraýar. Ak aýylara bolsa ýokançly guşlary, olaryň ýumurtgalaryny ýa-da dümew degen beýleki haýwanlary iýmek arkaly kesel geçip biler.

Arktikada howanyň ýylamagy hem goşmaça töwekgelçilik döredýär. Deňiz buzlarynyň meýdanynyň azalmagy zerarly, ak aýylar iýmit gözläp, gury ýere has köp çykmaga mejbur bolýarlar. Şol ýerde hem olar ozal duş gelmedik kesel dörediji mikroblar bilen galtaşyp bilerler. Şpisbergen adalarynda ak aýylaryň eýýäm demirgazyk sugunlaryny awlaýandyklary we guşlaryň höwürtgeleýän ýerlerine zeper ýetirýändikleri mälimdir.

2026-njy ýylda alymlar Şpisbergen adalarynda ýaş ak aýynyň ýokançlygy ýokary bolan guş dümewine ýolugandan soň ölendigini habar berdiler. Çaklamalara görä, haýwan ýokançly moržy iýipdir. 2025-nji ýylda bolsa bu sebitde ýaşaýan polýar tilkilerinde H5N5 ýokanjy ýüze çykaryldy. Iki ýagdaýda-da alymlar ýokançlaryň süýdemdirijilere ýokuşmak ukybyny ýokarlandyryp biljek mutasiýalary, ýagny genetiki üýtgeşmeleri anykladylar.

Häzirki wagtda Grenlandiýada ýaýraýan ýokançlaryň ak aýylaryň biri-birine geçip bilýändigi-de, şeýle-de olaryň umumy sanyna nähili howp salýandygy-da heniz belli däl. Mundan-da daşgary alymlar sebitdäki ýokanç görnüşlerinde süýdemdirijilere ýokuşmagy ýeňilleşdirýän genetiki üýtgeşmeleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny hem anyklamaly bolarlar.

2025-nji ýylda guş dümewi Günorta Atlantikada deňiz pilleriniň deň ýarynyň gyrylmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý ýokanjyň ýabany haýwanlaryň arasynda ýaýramagynyň nähili agyr netijelere getirip biljekdigini görkezdi.