12–13-nji noýabrda Aşgabatda saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumy geçirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralýan iki günlük duşuşyga bu ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýolbaşçylary, professor-lukmanlary we hünärmenleri gatnaşýar diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Forum Halkara okuw-ylmy merkezinde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Oňa Germaniýanyň ady belli klinikalarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarynyň, şol sanda Halkara newrologiýa, endokrinologiýa we hirurgiýa, onkologiýa, fiziologiýa merkezleriniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň hem-de sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň hünärmenleri birikdi.

Gatnaşyjylaryň arasynda Mýunhendäki Groshadern uniwersitet hassahanasynyň professory Klaus Parhofer we beýleki nemes hünärmenleri bar. Forumyň dowamynda olar hünär tejribesini alyşmaga döredilen mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Çärede maslahatlaşylýan esasy mowzuklar pediatriýa, rewmatologiýa, dikeldiş bejergileri, urologiýa, neýrohirurgiýa, onkologiýa, endokrinologiýa we newrologiýa ugurlarynda döwrebap anyklaýyş usullary boldy. Şeýle hem gatnaşyjylar täze hirurgiki bejeriş usullary, hünär taýýarlygy we innowasion tehnologiýalary, şol sanda emeli aň ulgamlaryny ulanmagy ara alyp maslahatlaşýar.

Saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumlary 2011-nji ýyldan bäri geçirilýär we iki ýurtda yzgiderli guralýar. Olaryň geçirilmegi Türkmenistanyň we Germaniýanyň degişli edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern hassahanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna esaslanýar.