FDA «Ozempic» dermany ulanylanda gözüň gapylmak töwekgelçiligi barada duýdurdy

Düýn, 12:553,490

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik müdirligi (FDA) GLP-1 toparyna degişli derman serişdelerini, şol sanda «Ozempic» we «Mounjaro» dermanlaryny öndürijilerinden olaryň gözükdirijilerine gözüň seýrek duş gelýän keseli bilen bagly töwekgelçilik barada duýduryş goşmagy talap etdi.

Gürrüň arteriit däl öňki işemiki optiki newropatiýa (NAION) keseli barada barýar.

Bu kesel görüş nerwiniň öňki böleginiň gan aýlanyşygynyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýär. Ol bir gözüň görmek ukybynyň duýdansyz we agyrysyz peselmegine getirip biler. Käbir ýagdaýlarda görüş ukybynyň ýitirilmegi doly we yzyna gaýtaryp bolmajak derejä ýetip biler.

FDA-nyň maglumatyna görä, bu gaýra üzülme örän seýrek duş gelip, degişli dermanlary ulanýan her 100 müň näsagyň ýylda, takmynan, altysynda ýüze çykýar. Düzgünleşdiriji edaranyň gelen netijesine laýyklykda, bu keseliň derman serişdeleri bilen baglanyşykly bolmagy baradaky çaklama olaryň gözükdirijilerine degişli duýduryşy goşmak üçin ýeterlik derejede esas bolup bilýär.

Bu ugurda ozal geçirilen barlaglaryň netijeleri ymykly bir pikire gelmäge esas berenok. Hususan-da, 2024-nji ýylda geçirilen ylmy barlagda semaglutid ulanýan, ikinji görnüşli süýjükeseli bolan we aşa artyk agramdan ýa-da semizlikden ejir çekýän näsaglarda NAION keseliniň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň ýokarlanýandygy anyklandy. Şol bir wagtyň özünde, alymlar bu mümkin bolan baglanyşygy has giňişleýin öwrenmegiň zerurdygyny bellediler.

Hünärmenler täze maglumatlaryň bu dermanlar bilen bejergini bes etmelidigini aňlatmaýandygyny nygtaýarlar. Bu gaýra üzülmäniň döremeginiň sebäpleri häzirlikçe doly anyklanylmady. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, mümkin bolan sebäpleriň biri agramyň ýa-da gandaky glýukozanyň derejesiniň tiz peselmegi netijesinde ownuk gan damarlarynda gan aýlanyşygynyň üýtgemegi bilen bagly bolmagy ähtimal.