Şakira Merkezi Aziýa konsert bilen gelýär: petekleriň bahasy belli boldy

Düýn, 15:188,924

18-nji oktýabrda dünýä ýyldyzy Şakira «Las Mujeres Ya No Lloran» konsert syýahatynyň çäklerinde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde çykyş eder. Bu barada NUR.KZ habar berýär.

Bu aýdymçynyň Merkezi Aziýa sebitindäki ilkinji çykyşy bolar. 

Şakira dürli ýyllarda çykan hit bolan hem-de täze albomyna giren aýdymlary ýerine ýetirer. Diňleýjiler «Hips Don't Lie», «Whenever, Wherever», «Waka Waka» we «She Wolf» ýaly aýdymlary eşidip biler.

Petek satuwy eýýäm başlandy. Olaryň bahasy saýlanan zolaga görä üýtgeýär. Sahnanyň gönüden-göni ýanyndaky ýerlere (Fanzone 1 we Fanzone 2) petek almak üçin 40 müň som (458 dollar) çykdajy etmeli bolar. Konserte oturyp tomaşa etmek isleýänler üçin bahalar 13,5 müň somdan (154 dollar) başlaýar. Tans meýdançalary üçin petekleriň bahasy bolsa 27 müň soma (309 dollar) deň.

Iň arzan petekler 12 müň soma (137 dollar) durýar.

Premium VIP petekleriň satuwy gijräk başlanar, olaryň sany çäkli bolup, bahalary hem esasy kategoriýalardan ýokary bolar.

Stadiona girmek QR-petek arkaly amala aşyrylýar. Ýaş çäklendirmesi 7+ diýlip bellenildi.