The Weeknd konsert saparynda $1,3 milliard gazanyp, Elton Jonuň rekordyny täzeledi

Şu gün, 13:101,265

The Weeknd-iň dört ýyl dowam eden «After Hours Til Dawn» konsert sapary 1,3 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Şeýlelikde, ol ýekelikde çykyş edýän erkek aýdymçylaryň arasynda iň köp girdeji getiren konsert sapary boldy.

Ondan öňki rekord britaniýaly aýdymçy Elton Jona degişlidi. Onuň «Farewell Yellow Brick Road» atly konsert sapary bäş ýyl dowam edip, 939 million dollardan gowrak girdeji getiripdi.

The Weeknd-iň konsert sapary 2022-nji ýylyň iýulynda başlanyp, 2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda tamamlandy.

Saparyň çäginde 30 ýurtduň 67 şäherinde jemi 176 konsert geçirildi. Olara tomaşa etmek üçin 9 milliondan gowrak petek satyldy.

Iň köp girdeji getiren konsert saparlarynyň umumy sanawynda «After Hours Til Dawn» üçünji orny eýeleýär. Ondan öň Teýlor Swiftiň 2 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan «The Eras Tour» we «Coldplay» toparynyň 1,5 milliard dollardan gowrak girdeji getiren «Music of the Spheres» konsert saparlary ýerleşýär.