Gyrgyzystanda 2027-nji ýyldan başlap polietilen torbalary gadagan ediler

Şu gün, 11:251,279

2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Gyrgyzystanda polietilen torbalary öndürmek, satmak we mugt paýlamak gadagan ediler. Bu barada ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow Yssyk-Köl welaýatynyň ýaşaýjylary bilen geçiren duşuşygynda ýatlatdy diýip, Kaktus.media habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ýerli telekeçileriň biri döwlet Baştutanyna 2023-nji ýylda Yssyk-Köl welaýatynda şeýle gadagançylygyň girizilenden soň, kagyz (kraft) torbalary öndürýän kärhanany açandygyny, emma öndürilen önümleri ýerlemekde kynçylyk çekýändigini gürrüň berdi.

«Önümçilige ýaňy-ýakynda, takmynan, iki aý mundan ozal başladyk. Öndürýänimiz kagyz torbalar. Ilkibaşda işimizi Yssyk-Köl welaýaty bilen çäklendirdik. Düşündiriş işlerini geçirip, ähli dükanlara aýlanyp çykýarys. Emma döwlet tarapyndan berk gözegçilik bolmasa, netije gazanmak kyn eken. Ilki iki ýyl hemmeler gadagançylygy berjaý etdi. Soňra näme boldy, bilmedim, ýa Bütindünýä çarwa oýunlaryna gyzygan adamlaryň ünsi başga ýere sowuldymy, garaz, hemmeler ýene-de polietilen torbalary ulanyp başlady» diýip, telekeçi gürrüň berdi.

Žaparow muňa jogap hökmünde Yssyk-Köl welaýatynda bu çäklendirmäniň ilki synag tertibinde girizilendigini, indi bolsa onuň tutuş ýurda ýaýradyljakdygyny mälim etdi. Prezident telekeçiden kagyz torbalary öndürmegiň tehnologiýasyny näderejede öwrenendigini hem sorady. Telekeçi özüniň bu ugurda iki ýyllap tejribe toplandygyny, zerur enjamlary we tehnologiýany bolsa Hytaýdan getirendigini aýtdy.

Sadyr Žaparow telekeçi bilen hut özi duşuşyp, oňa bökdençlik döredýän kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi we döwletiň esasy maksadynyň şeýle taslamalary goldamakdygyny nygtady.