Gözlere çöp atyp, gizlenip gelen çöp şekillileriň täze iki görnüşiniň üsti açyldy

Şu gün, 15:551,691
1 / 4

Awstraliýanyň Kwinslend ştatynda alymlar çöp şekilli mör-möjekleriň birbada iki täze görnüşini ýüze çykardy. Gyzykly ýeri, bu jandarlar alymlaryň haçandan bäri gowy öwrenilen diýip hasaplap ýören ýerlerinde tapyldy.

Täze görnüşleriň ilkinjisi Anchiale mabiensis diňe Aterton platosyndaky seýrek duş gelýän Mabi tropiki tokaýynda ýaşaýar. Bu tokaýyň ýagdaýy örän agyr: 2021-nji ýyla çenli ondan bary-ýogy 1050 gektar töweregi ýer galyp, ol hem ekerançylyk we maldarçylyk ýerleriniň arasynda ownuk böleklere bölünipdir. Ekoulgamyň böleklere bölünmegi sebäpli, bu mör-möjeklere öý haýwanlary we başga ýerlerden getirilen ösümlikler howp salýar.

Sidneý uniwersitetiniň entomology Brakston Jonsuň aýtmagyna görä, bu açyş ýitip gitmek howpy abanýan tokaýlary, olaryň ýaşaýjylary ylmy taýdan öwrenilip ýetişmänkä ýok bolup gitmez ýaly, goramagyň nähili möhümdigini görkezýär.

Ikinji görnüşiň — Anchiale robusta-nyň taryhy bolsa düýbünden başgaça. Ol 50 ýyllap alymlaryň gözüniň öňünde gizlenip diýen ýaly ýaşapdyr. Bu möjejik barada 1976-njy ýyldan bäri maglumatlar bar eken, ýöne alymlar ony ýakyn garyndaşy bolan Anchiale briareus bilen garyşdyrypdyrlar. Diňe soňky geçirilen genetiki seljerme we beden gurluşynyň öwrenilmegi onuň aýratyn görnüşdigini subut etdi.

Mundan başga-da, Anchiale robusta öz garyndaşyndan ep-esli uludyr. Brakston Jonsuň belleýşi ýaly, görnüşleri ylmy taýdan toparlara bölmek, köplenç, derňewçiniň işine meňzeýär: hatda öňden belli bolan mör-möjekler hem uzak wagtlap alymlaryň ünsünden sypyp bilýär.

Alymlara bu iki çöp şekillileri biri-birinden tapawutlandyrmaga olaryň ýumurtgalary hem kömek edipdir. Bu jandarlaryň ýumurtgalary ownuk keramiki önümlere meňzeýär. Anchiale mabiensis görnüşiniň ýumurtgalary kofe - goňur reňkde bolup, olaryň «gapajygynyň» iç tarapynda özboluşly halkalar bar. Anchiale robusta görnüşiniň ýumurtgalary bolsa wagtyň geçmegi bilen ýalpyldysyny ýitirip, kül reňke eýe bolýar.

Bu açyş täze görnüşleriň hemişe adam aýagy seýrek düşýän ýerlerde gizlenmeýändigini görkezýär. Käwagt olar onlarça ýyllap alymlaryň ylmy kolleksiýalarynda ýüze çykarylman hem galyp bilýär.

Gözlegiň netijeleri Austral Entomology žurnalynda çap edildi.