Holand öz saçyny uçara geýdiren awiakompaniýa bilen dawalaşmak isleýär

Düýn, 21:004,495
1 / 2

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand özüniň belli bolan saç stilini mahabatda ulanandygy üçin Norwegian Air Shuttle awiakompaniýasynyň üstünden kazyýete ýüz tutdy.

Ýakynda gysgaltmazyndan ozal Holand uzyn saçyny yza bogup gezýärdi, bu hem onuň iň tanalýan aýratynlyklarynyň birine öwrüldi. Dünýä çempionatynyň dowamynda awiakompaniýa sosial torlarda şeýle saç stili uçara «geýdirilip» görkezilen mahabaty paýlaşdy. Surata:

«Biz henize çenli özümizi bu derejede norweg duýmandyk» diýen ýazgy goşuldy.

Bir salymdan awiakompaniýa suraty pozup aýyrdy.

Bu degişme futbolçynyň göwnünden turmady. Indi ol marketing hakyndaky norweg kanunynyň bozulandygyny aýdyp, norwegiýaly kompaniýany kazyýet jogapkärçiligine çekmegi talap edýär. Kazy bilen taraplaryň wekilleriniň deslapky duşuşygy 9-njy oktýabra bellenildi, şondan soň işe düýpli seredilip başlanmagy mümkin.

Norwegian kompaniýasynyň wekili Katrina Sulli kompaniýanyň kazyýet şikaýatynyň sebäplerine düşünmeýändigini aýtdy:

«Norwegiýadaky islendik adamlar ýaly, bizem tomusda milli ýygyndymyzy goldadyk. Ýönekeý bir sosial torlardaky trendlerden ylham alyp, birnäçe materiallary paýlaşdyk. Bu goldawyň kazyýet şikaýatyna baryp ýetmegi gynandyrýar. Ýöne biz gepleşikleriň paýhasly geçjekdigine umyt edýäris».

Futbolçynyň aklawçysy Tomas Hagen bolsa, tersine, bu ýerde gürrüňiň diňe bir degişme barada däl-de, eýsem futbolçynyň tapawutlandyryjy aýratynlyklarynyň girdeji almak üçin ulanylandygy barada gidýändigini öňe sürýär.

«Bu iş Norwegian kompaniýasynyň dünýä çempionatynyň dowamynda awiapetekleri satmak üçin Holandyň tapawutlandyryjy aýratynlyklaryny bikanun ulanmagy bilen baglanyşyklydyr» – diýip, ol belledi.

Ýaryşda Holand ýedi gol geçirip, Norwegiýanyň milli ýygyndysyna XXI asyrda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykmaga kömek etdi. Şol duşuşykda topar Angliýadan utuldy.