Erling Holandyň saç bogşy möwsümiň iň ýoň edilen nysaklarynyň birine öwrüldi

Düýn, 23:231,519
1 / 4

Norwegiýaly hüjümçi Erling Holand 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň iň köp gürrüňi edilýän oýunçylarynyň biri boldy. Ol garşydaşlarynyň derwezesinden geçiren ýedi goly bilen öz komandasyna çärýek finala çenli ýetmäge kömek etdi. Norwegiýanyň ýygyndysy çärýek finalda Angliýanyň ýygyndysyndan 1:2 hasabynda utuldy.

25 ýaşly Holand özüniň daşky keşbi – esasan-da uzyn boýy (195 sm), sary saçlary we özüne mahsus bolan «erkekçe çogdam» (man bun) saç stili bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. The Looker neşiriniň bellemegine görä, futbolçynyň saç stili baradaky gürrüňler metbugatda onuň edil sportdaky üstünlikleri ýaly gyzgalaňly gozgalýar. Norwegiýaly oýunçy eýýäm ýaryşy tamamlan hem bolsa, onuň daşynda-da üns çekmäge ukyplydygyny subut etdi.

Holandyň iň gowy görýän saç esbaby norwegiýaly Kknekki brendiniň saç rezinidir. Futbolçynyň bu marka bilen baglanyşygy şeýlebir berk boldy welin, ol hatda bu kompaniýanyň minoritar (azlyk) paýdaryna öwrüldi. Erling bu brend bilen bilelikde çäkli mukdardaky ýörite saç rezinleriniň tapgyryny çykardy we olaryň hemmesi futbolçynyň meşhurlygynyň saýasynda bireýýäm towus göterildi.

Öndürijiniň saýtynda berilýän maglumata görä, Kknekki rezinleri saçy gaty gysman, ýumşak saklaýar, saçy çekmeýär we olara zeper ýetirmeýär. Şeýle hem olar saçy çolaşdyrmaýar, reňki solmaýar, suwa we derlemäge garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Bu esbabyň asyl nusgasy 700 sany dürli reňkde öndürilýär, ýakyn wagtda bolsa brend dünýä çempionatyna bagyşlanan täze çäkli tapgyryny satlyga çykarmagy meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.