Ýamal Ronaldunyň, Messi Salahyň, Holand bolsa Braziliýanyň garşysyna: 1/8 finalyň jübütleri

Şu gün, 10:592,001
1 / 3

Futbol boýunça 23-nji Dünýä çempionaty iň gyzgalaňly tapgyra gadam basýar. 1/16 final oýunlary yzda galdy we indi 1/8 finalda özara güýç synanyşjak ähli ýygyndy toparlar mälim boldy.

Janköýerler üçin iň köp garaşylýan we gyzykly duşuşyklaryň biri Portugaliýa bilen Ispaniýanyň arasyndaky oýun bolar. Bu duşuşykda meýdançada 18 ýaşly Lamin Ýamal bilen 41 ýaşly Kriştianu Ronaldu garşylaşar. Oýun 7-nji iýula geçilýän gije Arlingtonda guralar.

Messi we onuň topardaşlary bolsa Mohammed Salahyň baştutanlygyndaky müsürliler bilen güýç synanyşar.

Şeýle hem futbol muşdaklarynyň üns merkezinde «pentakampeonlar» bilen «wikingleriň» – ýagny Braziliýa we Norwegiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk bolar.

Bellemeli zat, ýaryşy kabul edýän ýurtlaryň üçüsi-de – ABŞ, Kanada we Meksika bu tapgyra çenli ýetip gelmegi başardy. Ýöne olara mundan beýälk has agyr synag garaşýar, çünki öňlerinde hakykatdan hem eýmendiriji garşydaşlar dur.

DÇ-2026-nyň 1/8 final oýunlarynyň tertibi:

  • Kanada – Marokko (Hýuston) — 4-nji iýulda sagat 22:00-da;
  • Paragwaý – Fransiýa (Filadelfiýa) — 5-nji iýulda sagat 02:00-da;
  • Braziliýa – Norwegiýa (Ist-Raterford) — 6-njy iýulda sagat 01:00-da;
  • Meksika – Angliýa (Mehiko) — 6-njy iýulda sagat 05:00-da;
  • Portugaliýa – Ispaniýa (Arlington) — 7-nji iýulda sagat 00:00-da;
  • ABŞ – Belgiýa (Sietl) — 7-nji iýulda sagat 05:00-da;
  • Argentina – Müsür (Atlanta) — 7-nji iýulda sagat 21:00-da;
  • Şweýsariýa – Kolumbiýa (Wankuwer) — 8-nji iýulda sagat 01:00-da.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.