Arktikada 560 mln ýyllyk gadymy jandaryň galyndylary tapyldy

Düýn, 23:372,221
1 / 8

Norwegiýanyň Arktika sebitindäki goýun bakylýan öri meýdanynda, takmynan, 560 million ýyllyk gadymy jandaryň üç ölçegli daşlaşan galyndysy tapyldy.

Bu ylymda şu wagta çenli belli bolan iň gadymy göwrümli daşlaşan galyndy bolup, tapyndynyň ýüze çykarylan ýeri hem soňky onýyllyklarda Ýewropada şeýle galyndylaryň iň köp ele salynýan sebitleriniň biri hasaplanýar.

Galyndy Charnia diýlip atlandyrylýan organizme degiş bolup, ol Ýerde ilkinji çylşyrymly ýaşaýyş görnüşleriniň ýüze çykan ediakara döwründe ýaşapdyr. Daşky görnüşi boýunça paporotnige meňzeş hem bolsa, onuň agzy, içki beden agzalary ýa-da aýaklary bolmandyr.

Alymlar Charnia-ny deňziň düýbünde hereketsiz ýaşaýan meduza meňzedip, onuň görnüşini «şireden doly halta» deňeýär. Şeýle-de olar täze tapyndynyň şahalarynda öň has tekiz nusgalarda görmek başartmadyk, zordan saýgarylýan uzaboýuna gerişleri hem ýüze çykardy.

Tapyndynyň esasy aýratynlygy onuň üç ölçegli gurluşynyň saklanyp galmagydyr. Bu döwre degişli galyndylaryň köpüsi millionlarça ýyllaryň dowamynda gatlaklaryň basyşy astynda ýepbeşip, şu güne çenli diňe tekiz yz görnüşinde gelip ýetipdir.

Norwegiýada tapylan nusganyň göwrümli görnüşde saklanyp galmagyna bolsa gadymy döwürde deňiz düýbüniň süýşmesi sebäp bolupdyr. Süýşme organizmi gysga wagtyň içinde palçyk gatlagynyň aşagynda gömüpdir.

Tapyndy Finnmark sebitinde ýüze çykaryldy. Bu ýerde ozal gadymy organizmleriň deňiz düýbüne birigendigini görkezýän yzlar tapylypdy, emma olaryň öz galyndylary ýüze çykarylmandy. Ýöne dagdan gaýdyp ýarylan birnäçe daş baý tapyndylary özünde saklaýan gatlagyň üstüniň açylmagyna sebäp boldy.

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Charnia-nyň gurluşy barada täze maglumatlary Palaeontology žurnalynda çap etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.