Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine «Bäherden», «Balkan» we «Lebap» sement zawodlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, olaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi.
Premýer-ministriň orunbasary B.Annamämmedowyň bellemegine görä, giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary, ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny we ilaty zerur bolan ýokary hilli sement bilen üpjün etmek üçin bellenen kärhanalary doly güýjünde işletmek boýunça çäreler görülýär.
Şunda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga uly üns berilýär.
Wise-premýeriň hasabatyny diňläp, döwlet Baştutany ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde senagat kärhanalarynyň eýeleýän möhüm ornuny nygtady. Ol bu ugurdaky degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.