Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow energetika, ulag, aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma senagaty we çig maly gaýtadan işlemek ugurlarynda türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Bu barada Prezident Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDT) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 13-nji sammitinde eden çykyşynda aýtdy diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Sammit «Türki asyry: dilde, pikirde we işde jebislik» diýen şygar astynda geçirildi.
«Türki döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýe. Olardan netijeli peýdalanmak üçin energetika, ulag, aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma senagaty, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek zerur» diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti türki döwletleri umumy taryhyň, baý medeni mirasyň, ruhy gymmatlyklaryň we nesilden-nesle geçýän asylly däp-dessurlaryň birleşdirýändigini aýratyn nygtady. Bu gymmatlyklary gorap saklamak, ösdürmek we geljekki nesillere geçirmek umumy wezipedir.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň türki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigini we TDG-ä özara ynamy berkitmäge, doganlyk ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän möhüm gurama hökmünde garaýandygyny tekrarlady.
Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Orta geçelgäniň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ol Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.
Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, tejribe alyşmagyň we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň tarapdarydygyny belledi.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýtmak bilen, Prezident türki halklaryň taryhy we ruhy kökleriniň bu ugurdaky özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtady. Ol bilime we ylma hormat goýmak, maşgala mukaddesligi, ýaşululary hormatlamak, myhmansöýerlik hem-de parahatçylykly ýaşamak ýaly umumy gymmatlyklary ýaýratmak maksady bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutany bu ugurda bilelikdäki çäreleri geçirmegi goldady.
Serdar Berdimuhamedow syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde hem Türkmenistanyň bilelikdäki tagallalary we başlangyçlary goldaýandygyny beýan etdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti TDG bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Bu durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, halkara ynamyny berkitmäge, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam eder.
Çykyşynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow sammitiň netijeleriniň döwletleriň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.