Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkiýä bardy

Şu gün, 04:464,399
1 / 4

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň we hökümet ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ankara şäherine bardy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Etimesgut» howa menziline gelip gondy.

Serdar Berdimuhamedowy bu ýerde Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem-de Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri mähirli garşyladylar. Howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti TDG-niň 13-nji sammitiniň çärelerine gatnaşar.

Türkmenistan TDG-niň işine synçy ýurt hökmünde gatnaşýar. Guramanyň çäklerinde medeni-ynsanperwer, energetika, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Umumy taryhy mirasy gorap saklamaga, medeni dialogy ösdürmäge we döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.