26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurduň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini hem-de ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMGÖM-niň arasyndaky Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bu maksatnama döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek, sanly özgertmeler, ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak we durmuş ulgamy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Duşuşykda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, pudagara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de durnukly ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem taraplar amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen BMGÖM-niň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak we işjeň dialogy dowam etdirmek babatda özara gyzyklanma tassyklanyldy.