Türkmenistanyň dokma kärhanalary noýabr aýynda Polşanyň Žguw şäherinde geçiriljek «Fast Textile – 2026» halkara sergisine gatnaşar. Bu barada wise-premýer Nökerguly Atagulyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary, şeýle hem ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli dokma kompaniýalary tarapyndan öndürilýän önümleri tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.
Eksporta gönükdirilen harytlara aýratyn üns berler. Çäräniň dowamynda täze aragatnaşyklary ýola goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek hem göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen kärhanalarynyň sergä gatnaşmagy baradaky teklibi makullady we wise-premýere zerur bolan işleri guramagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany ýurduň önümçilik toplumlarynyň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän ýokary hilli dokma önümlerini öndürýändigini belledi. Halkara sergisine gatnaşmak türkmen kompaniýalaryna öz harytlaryny mümkin bolan hyzmatdaşlara tanyşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.