Türkmenistanda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) atly halkara sergisine we maslahatyna taýýarlyk işleri dowam etdirilýär. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Çärä daşary ýurt kompaniýalary, ýurduň hususy kärhanalary, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary gatnaşar.
Forumyň çäginde ugurdaş ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Sergi we maslahat gurluşyk, senagat, energetika, himiýa pudagynda hem-de ýol gurluşygynda döwrebap tehnikalary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, gatnaşyjylar tejribe alyşmaga, ozal ýola goýlan gatnaşyklary berkitmäge we täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga mümkinçilik alar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çärä ýokary hilli taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtady we onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ýatladyp geçsek, CIET 2026 halkara forumy 2026-njy ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.