21-nji oktýabrda Wenanyň şäher häkimliginiň (Rathaus) binasynda Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Wladimir Gorýaýewe «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Wladimir Gorýaýew basylyp alnan Palestinanyň çäginde diwar gurluşygy zerarly ýetirilen zyýan boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Hasaba alyş sanawynyň Dolandyryjylar geňeşiniň agzasydyr.
Dabaraly çärä Awstriýa Respublikasynyň hökümetiniň wekilleri, şol sanda Awstriýa Parlamentiniň Federal Geňeşiniň Başlygy, Wenada ýerleşýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, diplomatik korpusyň, işewür toparlaryň hem-de Awstriýadaky türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdy.
Wena şäherinde geçirilen bu dabaraly waka Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň halkara giňişlikdäki ähmiýetiniň hem-de ýurduň halklaryň arasynda parahatçylygy, ynamy, özara hormat goýmagy we düşünişmegi ilerletmäge ygrarlydygynyň beýany boldy.