Dragon Oil kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli gije-gündizde 200 müň barrel nebit ekwiwalentine ýetmegi strategik maksat hökmünde kesgitledi. Bu barada kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Abdulkarim Al-Maazmi Aşgabatda geçirilýän OGT-2026 maslahatynda eden çykyşynyň dowamynda aýtdy.
Şeýle hem kompaniýa Türkmenistanyň Hökümeti we «Türkmennebit» döwlet konserni bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy 2035-nji ýyldan soň hem uzaltmak hakyndaky ylalaşygy ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.
Bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dragon Oil kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi 2000-nji ýylyň maý aýynda Hazar deňzindäki «Çeleken» şertnamalaýyn çäginiň özleşdirilmegi bilen başlandy. Şol döwrüň dowamynda maýa goýumlaryň möçberi, takmynan, 12 milliard ABŞ dollaryna ýetip, jemi çykarylan nebitiň möçberi 490 million barrelden geçdi. Şeýle hem kompaniýanyň Türkmenistanda zähmet çekýän 2200 töweregi işgäriniň 93 göterimini bu ýurduň raýatlary düzýär.
Mundan başga-da, kompaniýanyň wekili BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň nebiti hasaba almazdan 1,7 milliard ABŞ dollaryna ýetendigini belledi. Abdulkarim Al-Maazmi 26 ýyl bäri dowam edýän strategik hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň Hökümetine we «Türkmennebit» döwlet konsernine minnetdarlyk bildirip, kompaniýanyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.