Daşoguz welaýatynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän döwrebap ösümlik ýag kärhanasy gurlar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi diýip, TDH habar berýär.
Resminama laýyklykda, Azyk senagaty döwlet birleşigine Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda guruljak ösümlik ýag kärhanasynyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Täze senagat desgasynda azyk çig malyny galyndysyz we toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylar.
Karara döwlet Baştutany oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de azyk senagatynda iş öndürijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekdi.