Raşid Meredow Batumide Gruziýanyň ministri bilen üstaşyr ulag mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Düýn, 09:412,860
1 / 2

22-nji oktýabrda Batumi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde uly ähmiýete eýe bolandygyny nygtady.

Ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda hereket edýän ulag geçelgeleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň hem-de üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäginde özara goldaw bermek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.