Serdar Berdimuhamedow Awstriýanyň Prezidentini gutlady

Şu gün, 09:50754

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene we ýurduň ähli halkyna Awstriýanyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Awstriýa Respublikasynyň Milli güni (Nationalfeiertag) ýurduň döwlet baýramy bolup, her ýylyň 26-njy oktýabrynda bellenilýär. 1955-nji ýylyň şol gününde Awstriýanyň Milli geňeşi tarapyndan ýurduň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky konstitusion Kanun kabul edildi.