Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Gutlag hatynda döwlet Baştutany BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini belläp, ýurdumyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmek üçin gurama bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine bolsa täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.