Serdar Berdimuhamedow pagtany soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnamagy tabşyrdy

Düýn, 21:274,927

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurduň oba hojalygynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler hem-de gurluşyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Bäş welaýatyň häkimleriniň hasabat bermegine görä, sebitlerde pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak we kabul ediş kärhanalaryna hem-de harmanhanalara tabşyrmak işleri alnyp barylýar. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.

Şol bir wagtyň özünde, bugdaý ekişi we topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, gögeriş suwuny tutmak hem-de ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap, ilata ýetirmek boýunça işler utgaşykly dowam etdirilýär.

Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýygymyna taýýarlyk görülýär.

Welaýat ýolbaşçylary ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Ol milli ykdysadyýetiň dokma hem-de azyk senagaty pudaklary üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmegiň, kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň we haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany azyk bolçulygyny pugtalandyrmagy, pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklary wagtynda geçirmegi hem-de ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere we sebitleriň ýolbaşçylaryna tabşyrdy.