Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Pýotr Pawele we ýurduň halkyna Çehiýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany çehiýaly kärdeşine tüýs ýürekden berk jan saglyk we abadançylyk, Çehiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Çehiýada 28-nji oktýabr milli baýram hökmünde bellenilýär. 1918-nji ýylyň hut şu gününde Birinji jahan urşunyň tamamlanmagynyň öňüsyrasynda Awstro-Wengriýa imperiýasynyň düzüminden çykyp, garaşsyz Çehoslowakiýa döwletiniň döredilendigi yglan edildi. 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Çehoslowakiýa parahatçylykly ýagdaýda iki döwlete — Çehiýa we Slowakiýa bölündi. Şondan bäri Çehiýada garaşsyz döwletliligiň kemala gelmegini alamatlandyrýan esasy döwlet baýramlarynyň biri hut 28-nji oktýabrda bellenilýär.