Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 12:401,049
1 / 2

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Anna Bordonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň HPG bilen özara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alyşdylar. Ykdysady ösüş meseleleri boýunça hünär dialogyny ösdürmek we halkara tejribesini alyşmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Taraplar makroykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak, ykdysady mehanizmleri kämilleşdirmek hem-de häzirki zaman ykdysady meselelerini çözmegiň täze çemeleşmelerini öwrenmek babatda halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.

Ykdysady syýasat meseleleri boýunça özara düşünişmegi çuňlaşdyrmakda bilermenler derejesindäki hyzmatdaşlygyň we geňeşmeleriň möhüm orny aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça garaýyşlary we tejribäni alyşmagy dowam etdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen HPG özara dialogy yzygiderli dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.