Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany gutlady

Şu gün, 08:451,755

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we doganlyk ýurduň halkyna Türkiýäniň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda Türkiýäniň ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýändigini belläp, ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berýändigini aýtdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy bolan Respublika güni 1923-nji ýyldan bäri her ýylyň 29-njy oktýabrynda bellenilip geçilýär. Şol gün Mustafa Kemal Atatürk Türkiýäni respublika diýip yglan etdi. Aslynda, Türkiýe 1920-nji ýylyň 23-nji aprelinden — Türkiýäniň Beýik milli mejlisi döredilen gününden bäri respublikady, ýöne resmi ýagdaýda diňe üç ýarym ýyldan soň yglan edildi. Şondan soň Türkiýäniň Beýik milli mejlisinde ses berişlik geçirildi, onuň netijesinde Mustafa Kemal Atatürk Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidenti boldy.