Ženewadaky Milletler köşgüniň «C» binasynda guralan Açyk gapylar gününiň çäginde döwrebaplaşdyrylan Türkmen otagynyň resmi tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň «Mirasy gorap saklamagyň strategik meýilnamasy» taslamasynyň çäginde guraldy.
Dabara BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň diplomatlary, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň ýanyndaky akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdylar.
Türkmen otagy Milletler köşgüniň 1930-njy ýyllarda döredilen ilkinji binagärlik toplumynyň düzümine girýär. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilip, otagyň düýpli abatlaýyş işleri geçirilipdi.
Häzirki döwrebaplaşdyryş işleriniň çäklerinde otagyň taryhy keşbi, milli bezegi, elde dokalan türkmen halylary we özboluşly mebelleri doly saklanyp galdyryldy. Şeýle-de otag ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy.
Açyk gapylar gününiň dowamynda myhmanlar «C» binanyň beýleki taryhy otaglary, şol sanda Geňeşler otagy, Fransuz, Rus we Çeh-Slowak otaglary, Konferensiýalaryň resminamalar merkezi hem-de Milletler köşgüniň sungat eserleriniň ýygyndysy bilen hem tanyşdylar.
Türkmen otagy ýokary derejeli duşuşyklary, halkara gepleşikleri we diplomatik çäreleri geçirmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Ol Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň hem-de türkmen medeniýetiniň dünýä mirasyna goşýan goşandynyň nyşanydyr.