Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün, 19:572,937
1 / 3

Ankara şäherinde «Türki asyry: dilde, pikirde we işde jebislik» diýen şygar astynda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDT) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 13-nji sammitiniň çäginde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary türk-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerini maslahatlaşdy. Türk Lideri Ankara bilen Aşgabadyň arasyndaky köptaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, söwda, maýa goýum we energetika ýaly ugurlara aýratyn ünsi çekdi.

Ärdogan Türkmenistanyň türki dünýäsini ösdürmäge goşýan uly goşandyny aýratyn belledi hem-de TDG-niň çäginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Rejep Taýyp Ärdogan Serdar Berdimuhamedowy 9–20-nji noýabr aralygynda Antalýada geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Klimatyň üýtgemegi baradaky maslahatyna (COP31) gatnaşmaga çagyrdy.