TDG döwletleri Ankaradaky sammitiň netijeleri boýunça bäş resminama gol çekdi

Şu gün, 19:411,862
1 / 2

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Ankara şäherinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDT) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 13-nji sammiti geçirildi. Onuň jemi boýunça gurama gatnaşýan döwletler bilelikdäki Jarnama we birnäçe resminama gol çekdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Sammitde ykdysady integrasiýa, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, sanlylaşdyrmak we halkara howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň dowamynda türki döwletleriň Liderleri, şeýle-de Azerbaýjanyň daşary işler ministri we TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew birnäçe başlangyçlar we teklipler bilen çykyş etdi.

Sammitde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hyzmatdaşlary iri maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Ulag-logistika ulgamynda Žaparow Hazarüsti Orta geçelgesine çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýolunyň gurluşygynyň strategik ähmiýetine ünsi çekdi.

Çykyşynyň dowamynda ol Liderleri «Bişkek+25» global dag sammitine we 2027-nji ýylda geçiriljek TDG-niň resmi däl sammitine çagyrdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2026-njy ýylyň 9 aýynda Orta geçelge boýunça üstaşyr geçirijiligiň 90% ýokarlanandygyny belläp, TDG-niň 2027–2031-nji ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamagy çaltlandyrmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow energetika, ulag, aragatnaşyk we oba hojalygy ýaly ugurlarda türki döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öz çykyşynda söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy goldady. Şeýle-de, ol Türkmenistanyň synçy derejesinden gurama doly hukukly agzalyga geçmegine umyt bildirdi.

Sammitiň dowamynda türki döwletleriň bir umumy emeli hemrasy bolan 12U ölçegindäki «TDT-SAT» kubsatynyň önümçiliginiň tamamlanandygy hem-de bir umumy türki elipbiniň üstünde işlemegiň dowam etdiriljekdigi hem mälim edildi.

TDG-niň 13-nji sammitiniň netijeleri boýunça gurama gatnaşýan döwletler birnäçe resminama gol çekdi:

  • Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitiniň Ankara Jarnamasy;

  • Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy «Türki dünýäsiniň Ýokary ordeni» bilen sylaglamak baradaky çözgüt — sylagy oňa Rejep Taýyp Ärdoganyň özi gowşurdy.

  • TDG-niň Baş sekretaryny bellemek baradaky çözgüt — bu wezipä Mirwohid Azimow bellendi. Ol 2022-nji ýyldan bäri wezipäni eýelän Gyrgyzystanyň wekili Kubanyçbek Omuraliýewi çalyşdy.

  • TDG-niň Baş sekretarynyň orunbasarlaryny bellemek baradaky çözgüt;

  • Türki akademiýasynyň prezidentini bellemek baradaky çözgüt.

Sammitiň çäginde Türki Döwletleriň Guramasynda başlyklyk etmek resmi ýagdaýda Azerbaýjandan Türkiýä geçdi. Şeýle-de, 2027-nji ýyla meýilleşdirilen TDG-niň 14-nji sammitiniň Özbegistanda geçiriljekdigi bellendi.