31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombeladan Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Matamela Siril Ramaposanyň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gepleşikleriň dowamynda diplomat Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi we ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyklygyny belledi. Kanunçykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmak hem-de halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Lungisani Dominik Ntombela parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen tanalýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.