Prezident Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Alžiriň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Alžirde Ynkylap güni her ýylyň 1-nji noýabrynda bellenilýär. Bu sene 1954-nji ýylda Alžiriň Milli azat ediş frontunyň fransuz kolonial dolandyryşyna garşy gozgalaňa başlamagy bilen baglydyr. Şol wakalar ýurduň garaşsyzlygy ugrundaky sekiz ýyla golaý dowam eden urşuň başlangyjy boldy. Alžiriň garaşsyzlygy 1962-nji ýylyň 5-nji iýulynda yglan edildi.