Hytaýly gözlegçiler topary bir wagtyň özünde 800 adam daşap biljek reaktiw ýolagçy laýneriniň taslamasynyň üstünde işleýär. Bu barada Journal of Aerospace Power ylmy žurnalyna salgylanýan South China Morning Post neşiri ýazýar.
Täze taslama «uçýan ganat» aerodinamiki çyzgysy boýunça amala aşyrylýar.
Uçar enjamynyň konsepsiýasy Hytaýyň Aerodinamiki gözlegler we işläp düzmeler merkezinde (CARDC) döredildi. Hödürlenýän gurluşyň ölçegleri giňligi boýunça 85 metre, uzynlygy boýunça bolsa 43 metre ýetmelidir. Deňeşdirmek üçin аýtsak, häzirki bar bolan iň uly köpçülikleýin öndürilýän ýolagçy uçary — iki gatly Airbus A380 adaty üç gatlakly ornaşdyrylmada takmynan 555 adamy özüne sygdyrýar.
Ilkibaşda CARDC-iň inženerleri Airbus A330 we Boeing 767 ýaly adaty giň korpusly uzak aralyga uçýan uçarlara bäsdeş bolup biljek 250 orunlyk modeliň üstünde işleýärdiler. Emma gözlegleriň dowamynda taslamanyň awtorlary gurluşy ep-esli ulaltmak kararyna geldiler.
Eýsem, şeýle uçary döretmek näderejede hakykata ýakyn?
Gysgaça aýtsak, şeýle laýneri biz ýakyn 10–15 ýylyň içinde-hä görüp bilmesek gerek. «Uçýan ganat» konsepsiýasynyň özi tehniki taýdan mümkin, emma ony 800 orunlyk ýolagçy laýnerine çenli ulaltmaga fizikanyň, ykdysadyýetiň we adamlaryň psihologiýasynyň berk kanunlary päsgel berýär. Hünärmenler bu taslamanyň taýýar biznes-meýilnama däl-de, uzak geljege niýetlenen ylmy işdigi baradaky pikire ünsi çekýärler.
Häzirki wagtda barlaglar uçaryň 1:52 ölçegdäki poslamaýan polatdan ýasalan kiçeldilen nusgasynda geçirilýär (ýokardaky suratda şol görkezilen). Bu modeliň uzynlygy takmynan 0,8 metre, ganatlarynyň gerimi bolsa 1,6 metre deňdir.
Hödürlenen konsepsiýa Pekiniň raýat awiasiýasy pudagyndaky ýeke-täk iri başlangyç däl. Edil häzir Hytaýda amala aşyrylmagyna has ýakyn bolan, 280 orunlyk giň korpusly uzak aralyga uçýan uçaryň üstünde hem işlenilýär. Onuň ilkinji uçuşy 2030-njy ýyla meýilleşdirilýär.