Sahara çölünden tapylan meteorit Marsdan düşen iň gadymy nusga bolup çykdy

Şu gün, 17:501,033
1 / 2

2022-nji ýylda Maliniň çägindäki Sahara çölünde tapylan Teghaza 001 meteoritiniň Marsyň gabygynyň düzüminde azyndan 4,1 milliard ýyl ozal emele gelendigi anyklanyldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, ol Ýerde şu wagta çenli belli bolan 435 sany mars meteoritiniň iň gadymysydyr.

Jynsyň himiki düzümi Marsyň içki böleginiň haýallyk bilen sowaýan döwründe onuň suw bilen özara täsirleşendigini görkezýär. Kislorod we wodorod izotoplarynyň seljermesi suwuň Mars gabygyna 4,1 milliard ýyldan hem ozal siňendigini ýüze çykardy. Barlagyň netijeleri Science žurnalynda çap edildi.

«Mars meteoritleri gadymy Marsda ýaşaýyş üçin şertleriň bolup-bolmandygyny barlaghanada öwrenmäge mümkinçilik berýän ýeke-täk nusgalardyr» diýip, NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasynyň işgäri, gözlegiň esasy awtory Ýan Lýu belledi.

Meteorit Malidäki Bir-Çali obasyndan 34 kilometr uzaklykda sekiz bölek görnüşinde tapyldy. Olaryň iň ulusy ölçegi boýunça adamyň ýumrugy bilen deňeçerdir. Onuň ýaşy urany özünde saklaýan sirkon kristallary arkaly kesgitlenildi, ýagny munda mineraldaky uranyň we gurşunyň gatnaşygy onuň haçan emele gelendigini anyklamaga mümkinçilik berýär.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, meteorit Marsyň günorta bölegindäki belent daglyk sebitlerde, ähtimal, Hellas düzlüginiň golaýynda emele gelipdir. Soňra planetanyň uly kosmos jisimi bilen çaknyşmagy netijesinde, ol kosmosa zyňlypdyr. Planetara giňişligi geçenden soň, metiorit Ýere ýetipdir we Sahara çölüne düşüpdir.

Bu tapyndy ir döwürde Marsda suwuň bolandygy baradaky täze maglumatlary berýär we geçmişde planetada ýaşaýşa ýaramly bolup biljek şertleriň bolandygyny tassyklaýar. Ýöne bu Marsda, hakykatdan-da, ýaşaýşyň bolandygyny subut etmeýär.