Hytaý gaýtadan ulanyp bolýan raketany uçuryp, ilkinji gezek gury ýere gondurdy

Düýn, 20:502,382
1 / 3

Hytaýyň hususy LandSpace kosmos kompaniýasy Zhuque-3 (ZQ-3) täjirçilik maksatly raketa göterijisini uçurdy.

Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň habaryna görä, bu ýurduň taryhynda uçuşdan soň gury ýere üstünlikli gonan ilkinji raketadyr.

ZQ-3 ýerli wagt bilen ir sagat 7:35-de (Aşgabat wagty bilen 4:35) Szýusýuan kosmodromynda ýerleşýän Dongfeng meýdançasyndan uçuryldy. Raketanyň birinji basgançagy bellenen tertipde Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Gansu welaýatynyň Minçin etrabyndaky meýdança gondy.

ZQ-3-iň ikinji basgançagy hem öz wezipesini üstünlikli ýerine ýetirdi. Uçuş wagtynda ol Honghu-3 hemrasyny gönükdirilen orbitasyna üstünlikli çykardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.