NASA buz gözlemek üçin Aýa rower iberer

Şu gün, 20:22362

NASA Aýyň Günorta polýusyny öwrenmek üçin ýadro energiýa desgasy bilen enjamlaşdyrylan, alty tigirli PROMISE roweriniň üstünde işleýär. Enjamy 2028-nji ýylyň ahyrynda uçurmak meýilleşdirilýär. Ony Aýyň ýüzüne Blue Origin kompaniýasy elter. Bu barada «3DNews» neşiri habar berýär.

PROMISE Aýyň ýüzüni we onuň gatlaklaryny öwrener, elýeterli tebigy baýlyklary bahalandyrar, şeýle hem geljekde kosmos enjamlaryny gondurmak we degişli infrastrukturany ýerleşdirmek üçin amatly ýerleri gözlär. Ýadro energiýa desgasy rowere uzak gijelerde we hemişe kölegeli, buz bolmagy ähtimal sebitlerde hem işlemäge mümkinçilik berer.

Rower regoliti bir metre çenli çuňlukdan almak üçin buraw enjamy, spektrometrler, temperatura we radiasiýa sensorlary, şeýle hem kameralar bilen üpjün ediler. Enjamy taýýarlamakda Curiosity we Perseverance mars rowerleriniň synag nusgalaryndan galan ätiýaçlyk uçuş şaýlaryny we inženerçilik çözgütlerini ulanmak meýilleşdirilýär.

NASA PROMISE rowerini Aýyň Günorta polýusyna eltmek üçin Blue Origin kompaniýasy bilen 94 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Şertnamada goşmaça 140 million dollarlyk işleriň ýerine ýetirilmegi hem göz öňünde tutulýar. Aýda baza gurmak maksatnamasynyň ilkinji tapgyrynyň çäklerinde rower Mark 1 gonuş moduly arkaly daşalar we Aýyň ýüzüne ýerleşdiriler.

Şol bir wagtyň özünde, NASA ýükleri täjirçilik maksady bilen Aýa eltmek boýunça CLPS 2 maksatnamasyny hem giňeldýär. Oňa ylmy enjamlary we infrastruktura elementlerini Aýyň ýüzüne eltjek geljekki missiýalara gatnaşyp biljek sekiz kompaniýa goşuldy. On ýyllyk şertnamalaryň umumy aňryçäk bahasy 10 milliard dollara barabar bolar.

Agentlik Aýdaky ulag we energetika infrastrukturasyny, şol sanda aragatnaşyk, energiýa üpjünçiligi we energiýany simsiz geçirmek ulgamlaryny ösdürmegi hem meýilleşdirýär. NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekmanyň aýtmagyna görä, geljekki Aý bazasynyň ilkinji elementleri kosmonawtlar Aýa gaýdyp barmazdan ozal onuň ýüzünde ýerleşdirilmelidir.