Marsda wulkan işjeňliginiň ýakyn geçmişde bolup geçendigini görkezýän alamatlar ýüze çykaryldy. Bu barada Ýewropa kosmos agentligi (ESA) «Science Advances» žurnalynda çap edilen ylmy barlagyň netijelerine salgylanyp habar berdi.
«Alnan netijeler Marsyň ýakyn wagta çenli wulkan işjeňligini saklamaga ýeterlik içerki ýylylygyny gorap galandygyny we, ähtimal, bu işjeňligiň häzir hem dowam edýändigini görkezýär» diýip, barlagyň ýolbaşçylarynyň biri, Polşa Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary merkeziniň professory Daniel Mež belledi.
«ExoMars Trace Gas Orbiter» (TGO) orbital enjamy ägirt uly Alba wulkanynyň eňňitlerindäki jaýryklaryň üstünde wodorod hloridini ýüze çykardy. Gözlegçiler bu gazyň gyzgyn magmanyň saklanyp galan ýerasty gatlaklaryndan çykýan bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.
TGO Marsyň atmosferasynda wodorod hloridini ilkinji gezek 2021-nji ýylda ýüze çykarypdy. Adatça, bu gazyň mukdary demirgazyk ýarym şarda gyş paslynda iň ýokary derejä ýetýär, tomusda bolsa tas ýitip gidýär. Şeýle-de bolsa, tomsuň başynda Alba wulkanynyň şol bir jaýryklarynyň üstünde gaz ýene-de hasaba alyndy.
«Colour and Stereo Surface Imaging System» (CaSSIS) atly reňkli we stereoskopik şekillendiriş ulgamy bilen düşürilen suratlarda hem şol ýerde uzynlygy birnäçe ýüz metre ýetýän täze, inçe jaýryklar we ýer üstüniň reňk üýtgeşmeleri görünýär. Çaklamalaryň birine görä, bu jaýryklardan işjeňligini ýitiren magma kamerasyna degişli gazlar ýokary göterilýär. Gyşda jaýryklaryň buz bilen örtülip, tomusda bolsa buzuň bugarmagy netijesinde, hlorly birleşmeleriň boşap, ýeriň ýüzüne çökmegi we onuň reňkini üýtgetmegi mümkin.
Häzirki wagta çenli Marsda täze wulkan atylmalary ýa-da täze lawa akymlary hasaba alynmady. Muňa garamazdan, orbital suratlar käbir wulkanlaryň soňky birnäçe million ýylyň dowamynda işjeňligini saklap galan bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Mundan başga-da, seýsmometrler Marsda ýertitremeleri hem hasaba aldylar.