Hytaýda artyk öndüren elektrik energiýasyny howada gysyp saklaýan ägirt uly toplum işe girizildi

13.09.2026, 22:224,990

Hytaýyň Szýansu welaýatynda elektrik energiýasyny gysylan howanyň kömegi bilen saklaýan dünýädäki iň uly toplumyň iki energiýa blogy işe girizildi. Her bir bloguň kuwwaty 350 MWt bolup, desganyň umumy gurnalan kuwwaty 700 MWt-a ýetdi.

Bu toplum adaty akkumulýator ýaly işleýär, ýöne onda litiý batareýalarynyň ýerine gysylan howa ulanylýar. Elektrik energiýasynyň sarp edilişi peselende, artykmaç energiýa güýçli kompressorlary herekete getirýär. Olar atmosfera howasyny 130 atmosferadan ýokary basyşa çenli gysyp, takmynan, bir kilometr çuňlukda ýerleşýän duz gatlaklarynda emele gelen boşluklara geçirýär.

Howa gysylanda gyzýar. Bu ýylylyk aýratyn ulgamda saklanýar we soňra energiýany yzyna almak üçin ulanylýar. Energiýa ulgamyna goşmaça kuwwat gerek bolanda, gysylan howa ýeriň ýüzüne çykarylýar. Toplanan ýylylyk bolsa turbinalary we generatorlary herekete getirmäge ýardam edýär.

Toplum bir iş sikliniň dowamynda 2,8 GWt/sagada çenli elektrik energiýasyny toplap bilýär. Taslama ýylda, takmynan, 330 gezek zarýad beriş we energiýany yzyna beriş siklini geçirmek üçin niýetlenendir.

Tehnologiýanyň esasy aýratynlyklarynyň biri — energiýa yzyna berilýän wagtynda gazylyp alynýan ýangyjy ýakmagyň zerur däldigi. Howa gysylýan döwründe emele gelen ýylylyk gaýtadan ulanylýar. Şonuň üçin toplanan energiýany elektrik toruna gaýtarmak üçin gaz ýa-da başga ýangyç gerek bolmaýar.

Işe girizilmänkä geçiriline synaglaryň dowamynda inženerler iki agregatyň hem işini, şeýle-de olaryň titremesini, temperaturasyny we basyşyny barladylar. Synaglar enjamlaryň durnukly işleýändigini tassyklady.

Toplum doly güýjüne işe girizilenden soň, Gün we ýel elektrik stansiýalarynda öndürilýän artykmaç energiýany toplap, elektrik öndürilişiniň peselýän döwürlerinde ony tora gaýtarmaga mümkinçilik berer.