Kosmosa çykanynda maglumat merkezine öwrülýän ilkinji raketa görkezildi

Düýn, 18:051,328
1 / 3

ABŞ-nyň Cowboy Space kompaniýasy Big Iron raketasynyň taslamasyny görkezdi. Oňa laýyklykda, raketanyň ýokarky basgançagy kosmosa çykarylandan soňra orbitada galyp, maglumat merkezli hemra öwrüler.

Kompaniýa emeli aň ulgamynda hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin şeýle enjamlaryň 20 müňden ybarat toplumyny döretmegi maksat edinýär.

Kaliforniýada ýerleşýän Cowboy Space 2024-nji ýylda Robinhood kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Baýju Bhatt tarapyndan döredildi. Ilkibaşda Aetherflux diýlip atlandyrylan bu kompaniýa lazer arkaly energiýany simsiz geçirmek ulgamlaryny işläp düzmek bilen meşgullanýardy. Häzirki wagtda bolsa ol kosmosda hasaplaýyş toplumlaryny döretmegi meýilleşdirýär.

Big Iron raketasy poslamaýan polatdan ýasalar. Onuň beýikligi 86 metre, diametri bolsa 4,7 metre deň bolar. Raketanyň birinji basgançagynda kompaniýanyň özünde işlenip düzülen dokuz sany Clydesdale hereketlendirijisi, ikinji basgançagynda bolsa ýene bir hereketlendiriji gurnalar. Birinji basgançak Ýere dolanyp, deňizdäki ýörite platforma gonar.

Raketanyň ýokarky basgançagy bolsa orbitada galyp, hemra öwrüler. Onuň başlangyç massasy, takmynan, 15 tonna bolar. Gün panelleri açylandan soňra hemranyň uzynlygy 132 metre ýeter. Uçuş wagtynda enjamy goraýan esasy örtük soňra hasaplaýyş ulgamynyň bölüp çykarýan ýylylygyny daşlaşdyrýan radiator hökmünde ulanylar. Her hemrada umumy hasaplaýyş kuwwaty, takmynan, bir megawata deň bolan grafiki prosessorlaryň bäş sany blogy ýerleşdiriler.

Stampede diýlip atlandyrylan bu hemralar toparyny döretmek üçin 20 müň uçuşy amala aşyrmaly bolar. Sebäbi her bir raketa diňe bir hemrany orbita çykarmaga ukyplydyr. Mundan başga-da, enjamlary belli wagt aralygynda täzeläp durmaly bolar. Cowboy Space ýörite Trailheads uçuş toplumlaryny ulanmak arkaly, günde birnäçe raketany uçurmagy meýilleşdirýär.

Kompaniýa beýleki müşderilere hem Big Iron Express diýlip atlandyrylan raketa arkaly ýükleri kosmosa çykarmak hyzmatlaryny hödürlemegi göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda taslama başlangyç tapgyrda bolup, Cowboy Space kompaniýasy Clydesdale hereketlendirijilerini işläp düzmek we synagdan geçirmek işlerini dowam etdirýär. Big Iron raketasynyň ilkinji uçuşy 2028-nji ýylyň dekabryna meýilleşdirilýär.