Ýaponiýanyň Rapidus kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory Asuýosi Koike, takmynan, 2040-njy ýyla çenli Aýda çip öndürýän zawod gurmak mümkinçiligine çynlakaý garaýandygyny mälim etdi. Ol Aýda mikroçipleri öndürmek üçin zerur bolan suw serişdeleriniň bolmagyny esasy sebäpleriň biri hökmünde belledi.
«Bu degişme däl. Meniň pikirimçe, bu 2040-njy ýyla çenli dagy durmuşa geçiriler» diýip, Koike amerikan seljeriş merkezi bolan Hadson institutynyň Waşingtonda guran çäresinde aýtdy.
Rapidus-yň ýolbaşçysy çärä gatnaşyjylara Aýyň üstünde şekillendirilen zawodyň wideoýazgysyny görkezdi. Koikäniň pikiriçe, bu wideoýazgynyň Ilon Maska-da ýaraýmagy juda ähtimal.
Çärä IBM kompaniýasynyň baş direktory Arwind Krişna hem gatnaşdy. Amerikan kompaniýasy Hokkaidodaky zawodynda 2 nanometrli ýarymgeçirijileri köpçülikleýin öndürmek ugrunda işleýän Rapidus kompaniýasynyň tehniki goldawçysydyr.
Krişna öz çykyşynda IBM we Rapidus kompaniýalarynyň has kämil 1 nanometrli çipleri barlamak we döretmek işleri bilen hem bilelikde meşgullanýandyklaryny belläp geçdi.