Türkmenistan Aşgabat şäherinde oýlap tapyjylary goldamak we innowasion ösüş boýunça okuw maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde intellektual eýeçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Hususan-da, Ýewraziýa Patent Guramasy bilen bilelikde 17–18-nji noýabrda Aşgabatda «Innowasion ösüş we oýlap tapyjylar üçin goldaw — sebitleýin we global mümkinçilikler» atly okuw maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Onda intellektual eýeçiligi goramak, oýlap tapyşlary bellige almak, olary önümçilige ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň täze «Innowasion mümkinçilikler boýunça ugrukdyryjy» guralyny ulanmak teklip edilýär. Bu guralyň mümkinçiliklerini, ony Türkmenistanda ulanmagyň ähmiýetli taraplaryny öwrenmek üçin ýurduň wekiliýeti 16–20-nji noýabrda Ženewada geçiriljek Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça komitetiniň 37-nji mejlisine gatnaşyp biler.
Mundan başga-da, 21–23-nji oktýabrda Duşenbe şäherinde geçiriljek Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 48-nji mejlisine we intellektual eýeçilik boýunça halkara maslahata türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy teklip edilýär.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren «Patent işini tizleşdirmegiň Ýewraziýa maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» Türkmenistanyň goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Ýurduň bu maksatnama goşulmagy milli patent edarasynyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary bilen tejribe alyşmagyny giňeltmäge, gaýtalanýan ekspertiza amallaryny azaltmaga, şeýle hem patent arzalaryna has netijeli seredilmegine ýardam berer.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň 1994-nji ýylyň «Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Şertnamasyna» we 2006-njy ýylyň «Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Singapur şertnamasyna» goşulmagy teklip edilýär. Bu resminamalar haryt nyşanlaryny bellige almak çärelerini ýönekeýleşdirmäge we olary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge gönükdirilendir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, intellektual eýeçilik ulgamynda Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.