Arkadag şäherinde 30 müň adama niýetlenen «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda medresäniň gurluşygy dowam edýär. Şähere amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa medresäniň okuw otaglarynyň we olaryň enjamlaşdyrylyşynyň şekil taslamalary hödürlendi diýip, TDH ýazýar.
Metjidiň baş ymamy Ý.Hojagulyýew gurluşyk işleriniň gidişi we ulanylýan serişdeler barada maglumat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow toplumda talyplaryň bilim almagy, şeýle hem olaryň dynç almagy we ýaşamagy üçin degişli şertleriň göz öňünde tutulandygyny belledi.
Taslamalar bilen tanşyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy otaglary enjamlaşdyrmakda we okuw işini guramakda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň zerurdygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, alnyp barylýan işler yslam dünýäsinde ykrar edilen kadalara laýyk gelmelidir.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow medresäniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we okatmakda dünýä tejribesini ulanmak boýunça maslahatlary berdi. Ol bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek we ony halkara görkezijilere laýyk getirmek üçin degişli düzümler bilen sazlaşykly işlemegiň wajypdygyny belledi.