Lionel Messi Ispaniýanyň ikinji diwizionynda — Segundada çykyş edýän «Eldense» futbol klubunyň paýnamalarynyň 100%-ini satyn almak barada ylalaşyk gazandy. Bu barada «As» neşiri habar berýär.
Çeşmäniň maglumatyna görä, Kolumbiýanyň TH maýa goýum topary bilen geleşigiň esasy şertleri eýýäm ylalaşyldy, ýöne ony ýapmak üçin Ispaniýanyň Ýokary sport geňeşiniň (CSD) rugsady gerek.
Taraplar ýakyn günlerde şertnama barada resmi ýagdaýda yglan etmegi meýilleşdirýär. Messi ýeke-täk maýadar hökmünde çykyş edýär — satyn almaga ne beýleki işewür hyzmatdaşlar, ne-de başga futbolçylar gatnaşýar.

Ilkibaşda argentinaly türgen «Eldenseni» «Barselonadaky» öňki topardaşlary Andres Iniesta we Karles Puýol bilen bilelikde satyn almak mümkinçiligine seredipdi, ýöne ahyrynda olarsyz oňmak kararyna geldi.
«Eldense» Messiniň eýelik edýän eýýäm ikinji ispan klubuna öwrüler. Aprel aýynda ol ýurduň bäşinji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» toparyny satyn alypdy.
Gyzykly ýeri, «Eldenseniň» oýun eşiginiň reňkleri argentinalynyň karýerasynyň uly bölegini geçiren «Barselonasynyň» eşigini ýatladýar.

Louis Vuitton brendiniň küşt tagtasynyň başynda oturan Ronaldu bilen Messili meşhur hakyky mahabatyna öýkünip ýasalan degişme äheňindäki EA foto-montažy. «Eldenseniň» çykyş edýän Segunda ligasynda «Almeriýa» topary hem bar. Onuň eýeleriniň biri — Kriştianu Ronaldu.