Beýik Britaniýanyň Northemptonşir graflygynda ýaşaýan Hýugo atly at resmi taýdan dünýäde bar bolan atlaryň içinde iň belendi diýlip ykrar edildi.
Onuň gerşiniň belentligi 199 santimetre ýetýär. Üstesine-de, ol henizem ösmegini dowam etdirýär diýip, BBC habar berýär.

Dörtýaşar Hýugonyň boýunyň takyk bolmagy üçin weterinar ony nalsyz ýagdaýda ölçedi. At eýesi Brett Mastersiň aýtmagyna görä, Hýugo, takmynan, 8,5 ýaşyna çenli ösmegini dowam etdirip biler.
«Onuň ýene üç ýyl dagy ösmegine garaşýarys. Ol 8,5 ýaşyna ýetýänçä ösmegini dowam etdirer. Häzir ol entek çaga ýaly» diýip, Masters gürrüň berýär.
Hýugo Angliýada ösdürilip ýetişdirilen şaýr tohumyna degişli. Şaýrlar iri we güýçli iş atlary bolup, öňler olary fermalarda agyr ýükleri daşamak üçin peýdalanypdyrlar. Masters bir ýarym ýaşly aty satyn alanda, onuň ullakan boljagyny göz öňüne-de getirmändir.
Hýugonyň saglygyna aýratyn üns berilýär. Ol yzygiderli weterinaryň, diş lukmanynyň, süňk-bogun we owkalama hünärmeniniň gözegçiliginde saklanýar. Atyň dişlerini ýylda iki gezek barlaýarlar. Süňkleriniň çalt ösýändigi üçin weterinar ony ýygy-ýygydan gözden geçirýär. Onuň iýmitleniň düzgüni-de berk gözegçilik astynda saklanýar.

Mastersiň aýtmagyna görä, ýerli ilatyň arasynda «äpet at» hökmünde tanalan Hýugo barada gürrüňler Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň gulagyna ýetensoň, olaryň özler atdan habar tutupdyrlar.
Häzirki wagtda Hýugo däp boýunça şaýr atlarynyň nähili işlerde ulanylandygyny görkezýän çykyşlara gatnaşýar. Şeýle-de ol geljekde münülýän at hökmünde hem çykyş edip biler ýaly eýere öwrenişdirilýär.