Litwanyň gümrük işgärleri Meksikadan we Ýaponiýadan poçta üsti bilen gelen iki sany gutudan 130-dan gowrak guradylan mör-möjek tapdy. Olaryň arasynda Ýewropa Bileleşiginde berk gorag astynda saklanýan Papilio alexanor görnüşli kebelek hem bar. Bu barada Delfi neşiri habar berýär.
Litwanyň gümrük gullugynyň maglumatyna görä, Meksikadan gelen bukjadan 11 sany guradylan kebelek tapyldy. Barlanan wagty olaryň arasynda gorag astyndaky görnüşiň hem bardygy anyklanyldy. Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlardan bu görnüşdäki kebelekleri getirmek üçin Daşky gurşawy goramak gullugynyň rugsady hem-de olaryň kanuny ýol bilen alnandygyny tassyklaýan resminamalar zerur bolup durýar.
Tapylan kebelekleriň ýene biri — Eurytides philolaus görnüşi bolsa Ýabany haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky Konwensiýanyň (CITES) degişli sanawlaryna girmeýär. Şonuň üçin görkezilen düzgünlere laýyklykda, ony ýurda getirmek üçin ýörite rugsat hökman däl.
25-nji oktýabrda Ýaponiýadan gelen başga bir poçta bukjasy hem barlandy. Onuň içinden 127 sany guradylan güýe tapyldy. Netijede, Iberilýän zatlar saklanyldy we mör-möjekleriň haýsy görnüşlere degişlidigini anyklamak, şeýle-de olara halkara söwdasy boýunça çäklendirmeleriň degişlidigini ýa-da däldigini kesgitlemek üçin hünärmenler işe girişdiler.
Gümrük gullugy seýrek görnüşleri goramak baradaky düzgünleriň jansyz mör-möjeklere hem degişli bolup biljekdigini ýatladýar. Şonuň üçin Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlardan kolleksiýa üçin mör-möjekleri satyn almazdan ýa-da olary Litwa ibermezden ozal, belli bir görnüşe bildirilýän talaplary, zerur rugsatlaryň we gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalaryň bardygyny barlamak maslahat berilýär.