Nikon Comedy Wildlife Awards halkara fotosurat bäsleşiginiň guramaçylary 2026-njy ýylyň finalçylaryny yglan etdi. Bu ýyldaky deslapky tapgyra haýwanlaryň adaty bolmadyk we gülkünç ýagdaýlaryny görkezýän 43 sany surat saýlandy.
Bu bäsleşik 2015-nji ýylda döredilip, diňe bir gülkünç pursatlary görkezmek bilen çäklenmän, ýabany tebigaty goramagyň ähmiýetine hem ünsi çekýär. Bäsleşigiň guramaçylary haýwanlaryň garaşylmadyk ýagdaýdaky şeýle suratlarynyň adamlarda daş-töweregindäki dünýä has gowy düşünmäge we oňa has köp dykgat etmäge bolan islegi güýçlendirýändigini belleýärler.
Her ýyl geçirilýän bäsleşigiň deslapky tapgyryna dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşýan suratçylaryň işleri çykýar. Suratlarda süýdemdirijilerden başlap, guşlara we suwda ýaşaýan dürli görnüşli haýwanlara çenli köp sanly jandary görmek bolýar.
Bäsleşigiň esasy aýratynlygy — haýwanyň hereketiniň ýa-da özüni alyp barşynyň adamyň duýgularyny hem-de gündelik durmuşyny ýada salýan täsin pursadyny surata düşürmek. Guramaçylaryň pikiriçe, hut şeýle seýrek pursatlar suratlary ýatda galyjy edýär we tebigaty goramagyň möhümdigini adamlara ýetirmäge ýardam berýär.






















