Huawei XMAGE Awards 2026 fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi

Düýn, 11:461,653
1 / 5
Pariždäki Gran-Palede HUAWEI XMAGE Awards 2026 atly halkara fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Bu ýyl bäsleşigiň geçirilip başlanyna 10 ýyl dolýar. Eminler topary guramaçylar tarapyndan bäsleşige kabul edilen 820 müňe golaý suratyň içinden 100-üsini saýlap aldylar.
Bäsleşigiň baş baýragyna — Gran-prä mynasyp bolan Ali Abdul Hamid Al-Arbaş «Fransiýanyň ýagtysy we kölegeleri» atly suratlar toplumy üçin sylaglandy. Ol bu suratlary Huawei P60 Pro telefonynda düşüripdir. Topluma Parižiň gündelik durmuşyny şekillendirýän dört sany surat girýär. Olarda sabyn köpürjikleriniň arasynda oýnaýan çaga, bildirişiň ýanynda duran erkek adam, şapak gyzaranda düşürilen jübütler hem-de Sena derýasynyň kenaryndaky oturgyçda oturan adamlar şekillendirilýär.
Eminleriň bellemegine görä, awtor ýagtylyk bilen kölegäniň sazlaşykly utgaşmasy arkaly şäheriň özboluşly keşbini we ruhuny açyp görkezmegi başarypdyr.
Ýene bir Gran-pri baýragy Maý Şunsiniň «Tötänleýin duşuşyk» atly işine berildi. Surat uly şäherde adamlaryň arasynda bolup geçýän tötänleýin duşuşyklara bagyşlanypdyr. Eminler toparynyň ünsüni suratdaky zenanyň täsirli nazary, şeýle hem onuň hereketsiz ýüz keşbi bilen ýanyndan geçip barýan adamyň bulaşyk şekiliniň arasyndaky tapawut özüne çekipdir.
Gran-pri baýragynyň üçünji eýesi Wan Ben «Wagtyň we giňişligiň arasyndan garap» atly suraty bilen ýeňiji boldy. Ak-gara görnüşde düşürilen suratda belent tekizlikdäki gadymy daş heýkeller bilen asmanda uçar yzynyň galdyrýan şekili utgaşdyrylýar. Eminleriň pikiriçe, bu kompozisiýa bakylyk bilen geldi-geçerligiň arasyndaky gapma-garşylygy täsirli beýan edýär.